Döwrebap mümkinçiliklere esaslanyp

12 Noýabr 2024
474

Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimiziň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleri kämilleşdirmegi, sanly tehnologiýalary özleşdirmek bilen, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Sanly tehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň, tehnologiýalar merkezleriniň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy ýaş nesillerimiziň bu ugurda has-da kämilleşmegine ýakyndan ýardam berýär. Bu babatda öňdebaryjy tehniki enjamlar, ýokary tizlikli internet tehnologiýalary, kompýuter programmalary bilen üpjünçilik, sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplarynyň, okuw wideo we audiomateriallaryň, elektron okuw kitaplarydyr gollanmalaryň taýýarlanylmagy uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we sanlylaşdyrmak babatda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, anyk wezipeleri we maksatlary nazarlaýan resminamalaryň kabul edilmegi ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Häzirki döwürde sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi netijesinde, döwletimiz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine işjeň goşulýar. Şonuň bilen baglylykda, halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine giň mümkinçilikler hem-de ähli şertler döredilýär.

Aýjeren ALLAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.