«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Arkadag şäheriniň at-owazasy dünýä dolýar. Milli aýratynlyklarymyzyň we edebi gymmatlyklarymyzyň kämil ruhuny, sanly tehnologiýalaryň giň toplumlaryny özünde jemleýän ak mermere bürenen Arkadag şäheri bu günki gün dünýä jahankeşdeleriniň üns merkezine öwrüldi. Sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçiliklerini özünde jemleýän bu şäheriň ähli ýerlerinde 4G ulgamy we «e.gov.tm» döwlet hyzmatlary saýty, merkezi seýilgähde Wi-Fi zolagy hem-de ähli ýerlerde «akylly» wideogözegçilik ulgamlarynyň we ýene-de birnäçe şeýle sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaş nesillere aýratyn oňyn täsirlerini ýetirýär.