Mekdebimizde talyplarymyzyň öwrenýän hünärlerinden, okuw işlerinden daşary sport bilen ýakyndan meşgullanmaklary üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Şunda talyplaryň arasynda sportuň dürli görnüşi boýunça ýygy-ýygydan geçirilýän ýaryşlar uly ähmiýete eýedir.
Ýakynda mekdebimizde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Oňa birinji we ikinji ýyl talyp gyzlardan düzülen toparlaryň 10-a golaýy gatnaşdy. Bir hepdeläp dowam eden ýaryşlaryň netijesinde iň güýçli toparlar ýüze çykaryldy. Şeýle hem ýaryş mekdebimiziň zenanlar ýygyndysyny düzmäge mümkinçilik berdi. Bu ýygyndy topar ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçiriljek spartakiadada biziň mekdebimize wekilçilik eder. Ýaryşyň Türkmenabat şäher tapgyryny şu aýda geçirmek meýilleşdirilýär.