Türgenimiz dünýä rekordyny täzeledi

1 Oktýabr 2024
491

Sportuň islendik görnüşiniň janköýerleri saýlap-seçen türgeniniň ýa-da toparynyň gazanan ýokary netijesi bilen bilelikde, onuň rekordlary täzeläp bilşi bilen hem ýakyndan gyzyklanýarlar. Bu gün türgenlerimiz gatnaşan ýaryşlaryndan diňe bir medally dolanýan däl, eýsem, rekordlary täzeleýän türgenlere öwrülýärler. Dünýäniň sport jemgyýetçiligi muňa ýakynda agyr atletika boýunça Ispaniýada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda hem janly şaýat boldy. Ýer ýüzüniň 23 ýaşa çenli iň güýçli agyr atletikaçylaryny özünde jemlän ýaryşda türkmenistanly türgen Şahzadbek Matýakubow iň agyr agramlaryň birinde çykyş edip, täze dünýä rekordyny goýdy.

Agyr atletikanyň Daşoguz mekdebiniň uçurymy dünýä çempionatynda 102 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň arasynda çykyş etdi. Ştangany silterläp götermekde 175 kilogramlyk netijesi bilen altyn medala mynasyp bolan ildeşimiz bu görnüşde-de dünýä rekordyny täzeläp bilerdi. Mundan 20 ýyl ozal baharyň ilkinji gününde dünýä inen türgen üçin 175 kilogramlyk netije üçin (ikinji orundaky bäsdeşinden 6 kilogram ýokary) bary-ýogy iki synanyşyk ýeterlik boldy. Ol birinji synanyşygynda 170, ikinjisinde 175 kilogram agyrlygy depesine galdyrdy. Üçünji synanyşygynda 180 kilogram agyrlygy buýran ildeşimiz bu gezek biraz asgyn geldi.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».