Kibersport

30 Sentýabr 2024
393

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ata Wa­ta­ny­myz hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýur­du­na öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Tür­ge­niň tä­sin he­re­ke­ti onuň te­bi­gy uky­by bol­mak bi­len bir­lik­de, ada­myň dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­me­giň bir ug­ru­dyr» di­ýen sözlerinden ugur alyp, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar geçi­ril­ýär. Ça­ga­la­ryň bi­lim taý­dan aňy­nyň tä­sir­li ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän, bäş ýaş­dan uly bo­lan ça­ga­la­ra gy­zyk­ly oýun­lar we ýu­muş­lar ar­ka­ly elekt­ron spor­tu­ny öw­ret­mek bi­len ça­ga­nyň beý­ni­si­niň iş­jeň­li­gi ýo­kar­lan­dyryl­ýar. Şeý­le hem ça­ga­nyň üns­lü­li­gi­niň we ýat­keş­li­gi­niň çalt ös­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. «Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da san­ly ul­ga­my sport sy­ýa­sa­ty­na or­naş­dyr­ma­gy ýo­la goý­mak we ki­bers­por­ty ös­dür­mek ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li elekt­ron sport fe­de­ra­si­ýa­sy bir­nä­çe iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. «Ki­bers­por­ty» dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da hem res­mi taý­dan yk­rar edil­di. Hal­ka­ra Esport Fe­de­ra­si­ýa­sy 2008-nji ýyl­da Ko­re­ýa­da dö­re­dil­di we hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den 128 sa­ny Mil­li elekt­ron sport fe­de­ra­si­ýa­sy­ny bir­leş­dir­ýär. 2023-nji ýyl­dan bä­ri Aş­ga­bat­da­ky «Ki­bers­port» mer­ke­zin­de elekt­ron sport düz­gün­le­ri­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek we gel­jek­de öz ýurt­la­ry­na we­kil­çi­lik et­jek tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak üçin bir­nä­çe iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ma­ýa Wel­na­za­ro­wa,
Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Sa­ýat et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy.