Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet

6 sagat öň
10

Milli medeniýetiň depginli ösüşi jemgyýetdäki oňyn özgertmelere öz täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni syýasaty halkymyzyň özboluşly häsiýeti, ýol-ýörelgesi, däp-dessury bilen aýrylmaz baglydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň dürdäneleri dünýä ýaýylýar. Muny 2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan edilmegi-de, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi-de tassyklaýar. Sanlyja ýylyň içinde Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy, gaýtalanmajak milli mirasymyz bolan «Görogly» şadessanynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen medeniýetiniň dünýä medeniýetinde eýeleýän mynasyp ornuny görkezýär.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.