Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

8 sagat öň
8

Durdymyrat SAPARMYRADOW,
Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň kazyýeti, kazynyň kömekçisi:

— Milli ykdysadyýetiň iň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan toplumlaýyn özgertmeleriniň ileri tutulýan ugrudyr. Ýerli daýhanlar üçin giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde, tohumçylyk-seçgiçilik ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de uly üns berilýär. Ýakynda paýtagtymyzda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky geňeşiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Halkara çäräniň geçirilýän günlerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilip, olaryň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» diýlip atlandyrylmagy özboluşly many-mazmuna eýe boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek boýunça berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürip, halkymyzy ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek ugrundaky işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.

«Adalat».