Garaşsyzlyk merdana halkymyzyň milli buýsanjy

2 gün öň
12

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ähli pudaklarda Garaşsyzlyk baýramy ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Garaşsyzlyk - bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 33 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar. Türkmen halkynyň täze döwrüniň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, ýurduň durmuşyndaky iri jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem barha golaýlaýar. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir.

Bahargül AKYÝEWA,
Çärjew etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.