Zenanlar guramasynda

1 gün öň
41

Hünärli nesil — röwşen geljek

Şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Bilim ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny dabaralandyrmak, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gurnaklarynyň toparlary gatnaşdylar.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Atažan ODAÝEW.