Mukaddes Garaşsyzlyk — döwürleriň ganaty

1 gün öň
21

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny guwandyryjy üstünliklere, buýsançly wakalara besläp, uly dabara bilen belleýär. Müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly geçmişi bolan türkmen topragynda bu günler taryha altyn harplar bilen ýazylýan bagtyýarlyk döwrüniň şanly senesi — beýik Garaşsyzlyk toýy toýlanýar. Türkmen halky döwletliligiň, azatlygyň, galkynyşyň röwşen belentliklerine çykyp, ata-babalarymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde, agzybirlik suprasynyň başynda bagtyýar ýaşaýar.

33 ýylda ädimme-ädim geçilen ýol, döwlet bilen halkyň ägirt uly tagallalary jemgyýetimiziň kämilligini, milletimiziň çuňňur paýhasyny, asyrlarboýy kemala getiren beýik taryhynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Garaşsyzlygyň ýoly syýasy babatda-da, durmuş-ykdysady ösüşleri nazara alanyňda-da, uly taryhy zamananyň gerimine barabar döwürdir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň milliligi döwlet syýasaty derejesinde belende galdyrmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu syýasaty paýhasly dowam etdirmegi jemgyýetçiligiň durmuşyna täsir eden oňyn çözgüt boldy.

Sülgün AÝTYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.