Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

1 gün öň
27

Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, sport ulgamynyň işgärleriniň, ezber türgenlerimiziň toý şatlygyny artdyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatymyzyň çäginde guramaçylykly geçirilen sport ýaryşlary hem sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde belent ykrara eýe bolan güneşli Diýarymyzy toý ruhuna besleýär, täze taryhy döwürde gazanylýan belent ösüşleri, ýetilen sepgitleri dabaralandyrýar.

Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda Daşoguz şäherindäki 2-nji sport mekdebinde dil we eşidiş taýdan şikesli türgenleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden ezber türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklar ýurdumyzyň güýçli türgenlerini ýüze çykardy. Ýaryşyň netijesine görä, ýetginjekleriň arasynda welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgenleri Eşret Arazgeldiýew, Şerzat Atagullaýew, Begzat Kurambaýew, Mukam Guwanjow, Umyt Röwşenow, Amir Ýuldaşow, Lebap welaýatyndan Jasurbek Bekniýazow, Meýlis Bäşimow, Mary welaýatyndan Bagtyýar Annadurdyýew, uly ýaşlylaryň arasynda daşoguzly türgenler Satlyk Satlykow, Izzat Narmetow, lebaply türgenler Atageldi Ýagşymyradow, Atanepes Pirkulyýew, Suhan Joraýew dagy öz agram derejelerinde üstünlik gazanyp, Türkmenistanyň çempiony boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.