«Ýagşy sözler jaý eýleýir dil içre»
Halkyň hakydasyna ornan sözüň yrýasy ýok. Jüpüne düşen nakyllaryň manysyny, hikmetini tirdigiň saýy, maňzyňa batyp duran pikirler bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Pederlerimiziň «Ilki oýlan, soň gürle!» diýen pähimli sözi hem nesillere pent bolup galypdyr. Bu pikiriň hikmetine Ýunus Emräniň: «Söz kylar gaýgyny şat, söz kylar tanyş-bilşi ýat» diýen setirleriniň üsti bilen has aýdyň göz ýetirmek mümkin.