Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

1 gün öň
11

Guramaçylykly dowam edýär

Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda jogapkärli möwsüm dowam edýär. Her bir möwsümi üstünlikli alyp barmak ugrunda aladalanýan gallaçy daýhanlar geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly, güýçli depgin bilen dowam etdirýärler. 4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýaşulularymyz “Bismilla” diýip ýere tohum sepdiler, däne ekijiler işe girizildi.