Taryhy ähmiýete eýe bolar

1 gün öň
19

Ösüşlere beslenýän döwrümizde döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Jemgyýetimiziň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini, ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň binýadyny berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna möhüm orun degişlidir. Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň hemişelik hereket edýän Prezidiumynyň döredilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guraýar, onuň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul edýär we öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.

Aşyrberdi DUŞEMOW,
Gyzylarbat etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.