«Akylly» şäheriň waspnamasy

2 gün öň
58

Golaýda paýtagtymyzda geçirilen maýa goýum forumyna gatnaşyjylara gollanma hökmünde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan täze neşirler çap edildi. Şolaryň ilkinjisi «Arkadag şäheri — döwrüň beýik gudraty» diýlip atlandyrylýar. Adyndan belli bolşy ýaly, kitapçada diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde hem ilkinji «akylly» şäher hasaplanýan Arkadag şäheri hakynda gürrüň edilýär. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ösüşleriniň aýdyň nyşany bolan bu ajaýyp şäheriň nobatdaky waspnamasydyr. Mundan ozal «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitap hem uly ösüşlere, özgerişliklere eýe bolýan, türkmen ykdysadyýetiniň gudratyny jahana ýaýyp, dünýäni haýrana goýýan täze şäheriň tarypnamasy bolup halkymyza gowşupdy.

Täze kitapça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Täze şäher häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy» diýen sözleri bilen açylýar. Täze şäheriň durmuşyny şöhlelendirýän owadan suratlar neşiri has gyzykly, täsin we özüne çekiji edýär. Onuň her bölümine degişli suratlary synlanyňda, şähere gaýybana syýahat edýärsiň. Kitapçada şäheriň «akylly» durmuş infrastrukturasy, «ýaşyl» ekoulgamy, halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki ähmiýeti, depginli dowam edýän nobatdaky gurluşyklary giňden teswirlenýär. Onda «akylly» şäheriň innowasion mümkinçilikleriniň nusgasy bolan, Milli Liderimiziň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň goldawlary bilen döredilýän lukmançylyk klasteri, beýleki ajaýyplyklar baradaky maglumatlar hem ýerleşdirilipdir.

«Türkmenistan»