Ussat pagtaçy

2 gün öň
24

Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Aýjemal Gylyçmyradowa ýygymda tapawutlanmagy başarýan ussatlaryň biri. Onuň 10 gektar meýdanda ak patrak bolup açylan gowaçaly atyzlaryny synlanyňda göwnüň göterilýär. Zähmetsöýer kärendeçiniň maşgala agzalary bilen ýetişdiren hasylyndan göwni hoş.

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçaly atyzlarymyz hasylyny bolluk bilen eçildi. Nesip bolsa, her gektardan 40 sentner hasyla garaşýarys. Ýygymda el güýjünden peýdalanýarys. Bu işde maňa maşgala agzalarymyz, ýygymçylar ýakyndan kömek berýärler. Ene toprakdan bereketli hasyl almak üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler bizi diýseň guwandyrýar, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bereket mekanyna öwürmek üçin alyp barýan asylly, döwletli işlerine, taýsyz tagallalaryna alkyşlarymyz çäksizdir — diýip, kärendeçi Aýjemal Gylyçmyradowa aýdýar.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
öz habarçymyz. SURATDA: pagtaçy kärendeçi Aýjemal Gylyçmyradowa. Surata düşüren awtor.