Bugdaý ekişi — jogapkärli möwsüm

2 gün öň
21

Ak bugdaý etrabynyň gallaçylary güýzlük däne ekişini talabalaýyk derejede, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Geljek ýylyň hasyly üçin 26 müň gektarda däne ekişini geçirmegi meýilleşdiren etrabyň ak ekin ussatlary häzirki jogapkärli günlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň netijeli ulanylmagyny gazanýarlar.

Etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda ekiji traktorlaryň 66-synyň bökdençsiz işledilmegi netijesinde ekiş geçirilýän meýdanlaryň gerimi barha giňeýär. Däne ekişi «Üzümli toprak», «Ak üzüm» daýhan hojalyklarynda, Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde has göwnejaý alnyp barylýar.

Amanbibi HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň işgäri.