Watan Garaşsyzlygy — mukaddes gymmatlyk

2 gün öň
45

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri mukaddes gymmatlyk bolup, her bir türkmeniň milli buýsanjyna öwrülýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ösüş-özgertmeler, beýik tutumlar bilen öňe ilerleýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ähli ugurda gazanýan üstünligi bütin dünýä tarapyndan ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda biziň özbaşdak millet, özbaşdak döwletli halk hökmündäki her bir üstünligimiziň, ýeňişlerimiziň hem gazanýan abraý-mertebämiziň gözbaşynda Garaşsyzlygymyzyň durandygy bellenýär.

Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, jemgyýetimiziň agzybirligini we asudalygyny goramak ýurdumyzda baş wezipe hasaplanýar. Beýik ösüşleriň okgunly bady, ähli künjekleri gurşap alan giň möçberli özgertmeler döwrüň aýdyň alamatyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Jeren AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.