Buýsanja beslenýän şanly wakalar

2 gün öň
140

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy.

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, ýurduň durmuşyndaky iri jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem barha golaýlaýar. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir. Ýurdumyzda il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň maslahatda garalmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Iri möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde Halk Maslahatynyň uly orny bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşuly nesliň sözüne hem uly orun berilýär. Ýaşuly nesle sylag-sarpanyň egsilmezligi, olaryň her biriniň ählitaraplaýyn alada bilen gurşalandygy, eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli amala aşyrylýan ägirt uly işleriň pähim-paýhasyň mekdebi bolan ýaşulular bilen maslahatly çözülýändigi berkararlykdan, agzybirlikden, döwletlilikden nyşan.

Gurbansähet KÜTJIÝEW,
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň direktory, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy.