Dost-doganlygyň nusgasy

2 gün öň
128

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaralar geçirilýär. Şeýle şanly dabaralaryň biri hem ýakynda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky ХХV maslahatydyr. Şanly Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Munuň özi baş baýramymyzyň dabarasyny has-da belende göterýär.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen doganlarymyzy bir maslahata jemlemek asylly däbe öwrüldi. Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa milli gymmatlyklara belent sarpany, şöhratly geçmişimize buýsanjy beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda şeýle bellenilýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny toýlaýan ata Watanymyz döwletli tutumlar, asylly başlangyçlar we aýdyň maksatlar bilen ynamly öňe barýar. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimiz esasynda ýurdumyzda taryhy işler durmuşa geçirilip, uly ösüşler gazanylýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyz taryhy wakalara beslenýär, beýik işler durmuşa geçirilýär.

Tekemyrat AMANOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.