Daýhan hereketi – hasyl berekedi

2 gün öň
18

Mary etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň üzüm baglary 13 gektara çenli uzalyp gidýär. Häzirki wagtda daýhan birleşiginiň edermen daýhanlary üzümiň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň 20 müňden gowrak düýbüni ýetişdirip, bol hasyl alýarlar. Bu ýerde üzümiň, esasan, terbaş, ak üzüm, gara üzüm ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Tejribeli daýhanlaryň aýdyşy ýaly, her gektardan ortaça 20–25 tonna çenli hasyl alynýar. Daýhan birleşiginiň Merdan Orazgulyýew, Geldi Aşyrow, Altymuhammet Nurberdiýew ýaly kärendeçileri üzümden bol hasyl almakda beýlekilere görelde bolýarlar. Olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgatly barmagy ýüreklerinde besleýärler. Munuň üçin bolsa şu günler üzümi köpçülikleýin ýygyp, has öndürijilikli zähmet çekýärler.

Olar ilatymyzy bütin ýylyň dowamynda ter miweler we ir-iýmişler bilen üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwlaýarlar.

Gadam BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary etrap birleşmesiniň hünärmeni.