Ýollarymyz asuda bolsun!

2 gün öň
113

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, berkitmek bilen bir hatarda ynsan saglygyna zyýan ýetirip bilýän hadysalaryň öňüni almaga gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Şolaryň biri-de, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly köpçülikleýin çäredir.

Bilşimiz ýaly, gün-günden pajarlap ösýän Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlardaky ösüşler, özgertmeler bilen bir hatarda awtoulaglaryň sany gün-günden artýar, netijede, ýol hereketiň düzgünleri barha kämilleşdirilýär. Sürüjileriň we pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekleri üçin dürli çäreler, wagyz-nesihat işler geçirilip durulýar. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak üçin zerur çäreler işlenip taýýarlanylýar, dürli usullar arkaly ýerlerde, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilikde, maşgalada, her bir raýatyň aňyna ýeter ýaly habar beriş serişdeleri bolan teleýaýlymyň, radionyň, metbugatyň üsti bilen giňişleýin wagyz-nesihat işleri, gürrüňdeşlikler, söhbetdeşlikler geçirilýär. Amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde ýol hereketiniň howpsuzlygy belli bir derejede üpjün edilýär hem-de oňat netijeler gazanylýar.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.