Garaşsyzlyk - bagtymyz

16 Sentýabr 2024
18

Biziň ata-babalarymyz hemişe Garaşsyzlygy, azatlygy, erkinligi arzuw edip gelipdirler. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. 33 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, arkalaşykly hereket etmek ýaly syýasatlaryny alyp barýar. Şu günler Berkarar Watanymyz özüniň baş baýramyna uludan taýýarlyk görýär. Bu toýuň tutumy, şatlyk-şagalaňy ulus-ilimiziň baýramçylyk ruhuna ruh goşup, göwünlerine ganat bekleýär. Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda her bir toý-baýram, şanly seneler uly dabara, şatlyk-şowhun bilen garşylanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy toýlanylýan buýsançly günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň aýdyň beýanydyr.

Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň depginlerini çaltlandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz netijesinde belent sepgitlere ýetilýär, ýokary netijeler gazanylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we mähriban halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň her biri bizi buýsandyrýar, göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Amangül HUDAÝBERDIÝEWA,
Çärjew etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy.