Şu ýyl Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleri Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny giňden belleýär. Gyrgyz Respublikasynda hem bu sene baş baýram hökmünde 31-nji awgustda dabaralandyrylyp, onuň şanyna dürli mazmunly çäreler geçirildi. Şonuň bilen birlikde, dostlukly ýurtda üstümizdäki ýylda häzirki respublikanyň berkarar bolmagynyň gözbaşynda duran Gara-Gyrgyz awtonom welaýatynyň esaslandyrylmagynyň 100, Daşary işler ministrliginiň döredilmeginiň hem 80 ýyllygy baýram edilýär. Düýn Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan brifingde-de şu wakalaryň ähmiýetine üns çekildi. Oňa käbir ilçihanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýurdumyzda kowçum bolup ýaşaýan gyrgyzlaryň wekilleri, žurnalistler gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow çykyş edip, öz wekilçilik edýän ýurdunyň soňky üç ýyldaky ykdysady ösüş depgini, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler, gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şunda garaşsyz ösüş ýyllarynda käbir kynçylyklaryň bolandygyna garamazdan, häzirki wagtda durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmagyň hasabyna Gyrgyzystanda syýasy durnuklylygyň üpjün edilendigi, döwletiň garamagynda bolmadyk ykdysadyýetiň paýynyň azaldylyp, ilatyň zähmet haklarynyň ýokarlandyrylandygy aýratyn bellenildi. Diplomatyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ýurduň ykdysadyýetinde durnukly ösüş saklanyp, jemi içerki önümiň ortaça ösüş depgini 7 göterime deň boldy we ähli pudaklarda ýokary netijeler gazanyldy. 2023-nji ýylda jemi içerki önüm babatda taryhy sepgide ýetildi. Şonda onuň möçberi 1 trillion 229 million soma (takmynan, 14 milliard amerikan dollary) barabar bolup, munuň özi geçen ýyllardakydan görnetin ýokary görkezijidir. JIÖ-niň jan başyna düşýän möçberini artdyrmak, puluň hümmetsizlenmek derejesini azaltmak boýunça-da anyk çäreler görüldi. Döwlet tarapyndan edilen şeýle tagallalar netijesinde, bu günki gün Gyrgyz Respublikasy öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge ukyply ygtybarly hyzmatdaşa öwrüldi.