Äh­li ta­gal­la­lar hal­kyň bäh­bi­di­ne

17 Sentýabr 2024
52

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy al­ýan gün­le­ri­miz­de eziz Di­ýa­ry­myz­da ener­ge­ti­ka, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa, lo­gis­ti­ka des­ga­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi hem-de gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar toý-baý­ram­la­ra, ta­ry­hy se­ne­le­re baý «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şat­lyk-şow­hu­ny­ny has-da art­dyr­dy. Di­ňe bir se­bi­tiň däl, eý­sem, dün­ýä döw­let­le­ri­niň hem yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne, do­gan­lyk halk­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­na oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­jek mö­hüm ta­ry­hy äh­mi­ýet­li bu wa­ka­lar Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ne aý­ra­tyn şan ber­di.

Bu gün sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gyn­dan dost­luk ýol­la­ry alys­la­ra uza­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de goň­şy döw­let­ler, şol san­da Ow­ga­nys­tan bi­len al­nyp ba­ryl­ýan dost­luk­ly gat­na­şyk­lar, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk­lar hem bar­ha pugtalandyrylyp, iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Ýur­du­myz goň­şy Ow­ga­nys­ta­n bilen hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli ilerledýär. Goň­şy döw­le­tiň çäk­le­rin­de se­bit­de hem-de dün­ýä­de umu­my mak­sat­la­ra gul­luk et­jek bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, ow­gan hal­ky­na yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň yzy­gi­der­li be­ril­me­gi Ow­ga­nys­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan di­kelt­mek­de, pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de ýur­du­my­zyň my­na­syp go­şan­dy­ny aň­lad­ýar.

Ja­han AN­NAO­RA­ZO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ylym­la­ry ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.