Baky bagtymyz

16 Sentýabr 2024
78

Watanymyz Garaşsyzlyga eýe bolup, sanlyja ýyllaryň dowamynda dünýäde iň abraýly döwletleriň birine öwrüldi. Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda hemişelik Bitaraplyk derejesi resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň mertebesini, döwleti dolandyrmakdaky nusgalyk işlerini älem-jahana ýaýdy.

Halkymyz agzybirlikde, jebislikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri, bitirilen beýik işler bilen garşy alýar. Dost-doganlygyň mekany bolan ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesli bilime, ylma, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Polat ŞAGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga stomatologiýasy kafedrasynyň assistenti.