Sagdyn terbiýäniň gözbaşy

13 Sentýabr 2024
18

Türkmen halkyna üç ýüz ýyl bäri ruhy şamçyrag bolup hyzmat edip gelýän şygyrlary döreden Magtymguly Pyragy taryhda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biridir. Akyldaryň gymmatly öwüt-ündewleri halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň binýadyny emele getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy şahyryň döredijiligine goýulýan hormat-sarpa has-da artýar. Çünki akyldaryň şygyrlary ýaşlarda watançylyk duýgusyny, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny terbiýelemäge ýardam edýär.

Häzirki döwürde maşgalada we jemgyýetde ýaş nesle bilim hem terbiýe bermekde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý milli mirasymyz giňden peýdalanylýar. Ýaş nesliň ruhy hem beden taýdan sagdyn bolmagy, olaryň umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýýan ynsanlar bolup ýetişmegi baradaky alada türkmen halkynyň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun tutýar. Onuň eserleriniň içinde edep-terbiýe, adamlaryň gylyk-häsiýetleri, watançylyk il-gün baradaky goşgulary esasy orunda durýar.

Daňatar MÜRZÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.