Taryhy wakanyň öňüsyrasynda

13 Sentýabr 2024
53

Altyn güýzüň ilkinji aýynda beýik döwrümize şan berjek taryhy wakalar biri-birine utgaşýar. Olaryň arasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi aýratyn orunda durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçjek ählihalk forumynda halkymyzyň mynasyp wekilleri bilen geňeşilip, il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler. Olar bolsa ýurdumyzyň mundan buýana-da okgunly ösmegine, ilatyň abadan we eşretli ýaşamagyna itergi berer.

Şu taryhy wakanyň öňüsyrasynda ýerlerde maslahatlar geçirilýär. Olaryň biri etrabymyzyň Sakar şäherindäki medeniýet öýünde geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, uly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Ruhubelentlige beslenip geçen çärede çykyş edenler peder ýoluny ynamly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşlere beslenýändigi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygy guwanç bilen nygtaldy. Çykyşlarda şeýle-de düýpli ösüş-özgerişleriň etrabymyzyň çägini hem giňden gurşap alýandygy bellenilip, bu ilhalar işleriň başynda durýan hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň atlaryna hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň işiniň üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.

Merdan NURMÄMEDOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň başlygy.