Baky bagtyýarlygymyzyň gözbaşy

13 Sentýabr 2024
64

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir toýuň dabarasy uludan tutulýar. Häzirki şatlykly günlerde ulus-ilimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny giňden bellemeginiň öňüsyrasynda dur.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Halkymyzyň bu senä aýratyn ähmiýet bermegi we dabaraly bellemegi hem ýönelige däldir. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyz, söýgimiz, wepalylygymyz ebedidir we egsilmezdir.

Nurmuhammet GOLUW,
Gökdepe etrap kazyýetiniň hojalyk müdiri.