Belent sepgitlere ýetmek üçin uly tagallalar edilýär

13 Sentýabr 2024
12

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her bir gün taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleriň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna özboluşly many-mazmun çaýýar. Ýakynda bolup geçen taryhy wakalar eziz Diýarymyzyň günsaýyn öňe barýandygyny äşgär etdi.

Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň giň­den bel­le­nil­ýän şan­ly ýy­lyn­da Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni da­ba­ra­ly bel­le­nip ge­çil­di. Hormatly Prezidentimiziň gat­naş­ma­gyn­da baý­ram­çy­lyk gü­nün­de paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky Ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­bi­niň tä­ze, ak mer­mer­li bi­na­lar top­lu­my­nyň açyl­ma­gy şan­ly wa­ka­la­ryň şat­ly­gy­ny ar­şa gö­ter­di. Şeý­le hem şol gün Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň top­lu­my­nyň bi­na­sy­nyň açyl­ma­gy ýat­da ga­ly­jy pur­sat­la­ra bes­len­di. Bu bol­sa gün­sa­ýyn gö­zel­leş­ýän paý­tag­ty­my­zyň gör­kü­ni has-da art­dyr­dy.