Täze eýýam: türkmen paýhasynyň dowamaty

13 Sentýabr 2024
41

Garaşsyzlygyň halkyň durmuşyna, aň-düşünjesine edýän täsiri ýyl-ýyldan has aýdyň ýüze çykýar. Kerwen gurap geçip barýan aý-günler täze-täze belentliklere ýetirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýoly häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň çylşyrymly şertlerinde-de öňe tarap ynamly hereket etmäge mümkinçilik berýär. Türkmen halky döwlet syýasatynyň maksatlaryna we geljegiň wezipelerine içgin üns bermek bilen, jemgyýetiň birleşen tagallasynyň ähmiýetine aýdyň göz ýetirýär.

Türkmeniň erkin ösüşiň şertlerine şeýle paýhasly çemeleşmeginiň gözbaşy onuň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerinden gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda halk paýhasynyň çuňluklaryna ýüzlenip, türkmenleriň arzuwlap gelen özbaşdak döwletli bolmak baradaky maksatlarynyň many-mazmunyny ussatlyk bilen beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bütin döwletlilik ýörelgeleriniň gös-göni ata-babalarymyzyň köp müňýyllyk kämil tejribelerine, şolar bilen ýaşaýan iliň isleg-arzuwlaryna daýanýandygyny parasatlylyk bilen belläp geçýär. Milli Liderimiziň: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolandyr» diýen buýsançly sözleri halk bilen döwletiň arasyndaky mizemez baglanyşygyň köklerini açyp görkezýär.

Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.