Balkan welaýaty: rowaçlyklara beslenýän sebit

13 Sentýabr 2024
32

Hemişe bolşy ýaly, zähmetsöýer, merdana hem agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly içeri hem daşary syýasaty netijesinde mynasyp dowamat tapýan beýik işleri tüýs ýürekden goldamak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna ynamly gadam urýar. Geçen ýyllaryň dowamynda ähli babatda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrmagyň hötdesinden gelen eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň iň bir gülläp ösýän döwletine, berkararlygyň, agzybirligiň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrülýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylan we döwrebap dowamat tapýan ägirt uly taslamalar bolsa, ilkinji nobatda, il-ulsumyzyň eşretli durmuşyny has-da berkitmäge, ony täze belentliklere götermäge ygtybarly binýat bolup durýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygara esaslanýan syýasatyň barha rowaçlanýan döwründe gurmak, döretmek babatda Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler hem diýseň guwandyryjydyr.

Diňe şu ýylyň başyndan bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda halkara hil ülňülerine laýyk gelýän «Hydro Plus» kysymly dizel ýangyjynyň hem-de «SAE 50 API СF — 4» kysymly motor ýagynyň öndürilip başlanmagy hormatly Prezidentimiziň ýokary tehnologiýaly pudaklar toplumyny döretmek we ylmy köp talap edýän önümleriň dünýä bazarlarynda tutýan ornuny giňeltmek bilen bagly öňde goýýan belent wezipesiniň bu ýerde öz mynasyp çözgüdini tapýandygynyň subutnamasy boldy. «Hydro Plus» ýangyjy ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň has sowuk halatlarynda juda ygtybarlylygy bilen tapawutlansa, motor ýagy awtoulaglardyr gaýry enjamlardaky kuwwatly dizel hereketlendirijileriniň yssy howada kadaly işlemegi üçin ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.