Türgenlerimiziň guwandyryjy üstünlikleri

13 Sentýabr 2024
32

Şu günler Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna gatnaşýan ýurdumyzyň türgenleri 1 altyn, 1 kümüş we 2 sany hem bürünç medal gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýarlar.

Türkmenistanly türgenler, esasan, kuraş we alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda tapawutlandylar. Ýurdumyzyň guşakly göreş boýunça ýygyndy toparynyň türgeni, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Annagurban Allaberdiýew Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň çäklerinde alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp bolmagy başardy. Alyş — bu türkmen göreşine meňzeş sport görnüşi bolup, ol, esasan, gyrgyzlarda has meşhurdyr. Türkmenistanly türgen öz agram derejesinde dünýäniň 19 döwletinden gelen garşydaşlary bilen güýç synanyşdy. Jemleýji tutluşykda ildeşimiz özbegistanly türgeni ýeňmegi başaryp, altyn medala eýe boldy.

Begli ABDYKADYROW.