Ýaşyl meýdançanyň ezberleri

12 Sentýabr 2024
24

Millionlaryň söýgüli oýny bolan futbol bütin dünýäde sportuň iň meşhur görnüşidir. Şu ýylyň iýul aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen «AFL Kids Сup — 2024» atly halkara futbol ýaryşynda türkmenistanly toparlaryň üstünlikli çykyş etmegi sportuň bu görnüşiniň ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Bizem ýakynda şol ýaryşda 2012-nji ýylda doglan futbolçylardan düzülen toparlaryň arasynda ýeňiji bolan «Batly» toparynyň türgenleşigine gatnaşyp, gaýyş topa göwün beren ýaş zehinler bilen ýakyndan tanyşdyk.

Futbol topary tälimçiden başlanýar. Ussat tälimçiler öz şägirtlerine bu jadyly oýnuň inçe tilsimlerini öwredip, ýeňiş ugrunda göreşmäge we üstünlige ýetmäge kömek edýär. 12 ýaşa çenli oglanlardan düzülen «Batly» toparyna tälim berýän Gahrymanberdi Çoňkaýew hem ýurdumyzyň güýçli toparlarynyň ençemesinde, şeýle-de Gazagystanyň «Okžetpes» toparynda çykyş edip, abraý gazanan meşhur hüjümçidir. Ol öz şägirtleriniň Özbegistanda gazanan üstünligi barada şeýle gürrüň berýär: «AFL Kids Сup-2024» atly halkara futbol ýaryşy toparymyz üçin örän şowly geçdi. Geçen ýyl şol ýaryşda ikinji orny eýelän bolsak, bu ýyl Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň ýetginjeklerinden düzülen toparlar bilen geçirilen 5 duşuşykda 4 gezek ýeňiş gazanyp, bir oýny deňlikde tamamladyk. Bu netije bize ýaryşyň ýeňijisi bolmaga mümkinçilik berdi. «Batlynyň» hüjümçisi Daýanç Döwletow ýaryşda 5 gol geçirip, aýratyn tapawutlanmagy başardy. Bu üstünlikler biziň yhlasymyzyň ýerine düşýändigini görkezýär we täze ýeňişlere ruhlandyrýar».

Ahmet GELDIÝEW.