Giň gerimli işewürlik çäreleri

12 Sentýabr 2024
12

Türkmenistanyň maýa goýum we tehnologik mümkinçiliklerini açyp görkezdi

Garaşsyz Türkmenistanda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Milli ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Bu hakykat 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hem-de ugurdaş sergide, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergide hem nobatdaky gezek öz beýanyny tapdy. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.