Arkadag taglymaty — sport diplomatiýasyň binýady

12 Sentýabr 2024
37

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 8-nji sentýabrynda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Milli Liderimiz bilen dostlukly ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejede türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi. Duşuşykda ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitleri nazara almak bilen ýola goýulýan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanda bedenterbiýäniň we köpçülikleýin sportuň aýratyn üns merkezinde saklanylmagy bu ulgamyň ilatyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň, zyýanly endikleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň ygtybarly usuly hökmünde öňe sürülmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy barada döwlet derejesinde netijeli işler alnyp barylýar.

Süleýman DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň müdiri.