Ýaşlar — Watanyň daýanjy

12 Sentýabr 2024
43

Berkarar döwletimizde ata-babalarymyzyň durmuş tejribesine daýanyp, ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza ygrarly ýaş nesli terbiýelemek bilen bagly meselä möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda öňde duran wezipeleri üstünlikli amal etmek maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. 

Şeýle ähmiýetli çärelerde edilýän çykyşlarda ata Watanymyzda beýik maksatlara ýetmekde ýaşlaryň güýç-kuwwatyna bil baglanylýandygy nygtalýar. Şu esasdan hem döwletimizde ylymly-bilimli, hünärli we başarjaň ýaşlaryň, sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmeginde giň gerimli tutumlara badalga berilýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň düşünjeli nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur. Şeýle hem özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ylmy başlangyçlary, täze döredijilik gözlegleri bilen ýurdumyzyň ykdysady galkynyşyna, syýasy-medeni durmuşynyň özgerişine mynasyp goşant goşýarlar.

Şageldi ATAÝEW,
Kerki etrap prokurorynyň kömekçisi.