Sport

12 Sentýabr 2024
29

Agyr atletikaçylar bäsleşdiler

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany artyp, olar dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Türgenlerimiziň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna sport mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda has meşhurlyga eýe bolup, türgenlerimiz uly üstünlikleri gazanýarlar.