Jemgyýeti jebisleşdirmegiň möhüm güýji

12 Sentýabr 2024
41

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwleti halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşyny üpjün edip, ösüş arkaly parahatçylyk ýoly bilen Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk toýuny toýlamaga dürli ugurlardaky üstünlikler bilen barýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşler bilen birlikde milli demokratik ýörelgeler hem dabaralanýar. Munuň özi umumadamzat ösüşine mynasyp goşant goşýan türkmen jemgyýetine durnukly ösüşiň, türkmen medeniýetine, däp-dessurlaryna özboluşlylyklaryň mahsusdygynyň aýdyň nyşanydyr. Asylly demokratik däpleri we maddy medeniýetiň ynsanperwer ýörelgelerini döwrebap derejede baýlaşdyrýan Türkmenistanda jemgyýetiň döredijilik, öndürijilik güýjüni netijeli ugurlara gönükdirmegi üpjün edýän jebisleşdiriji institutlar döredilýär. Olaryň işi yzygiderli kämilleşýär.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.