Arkadagyň ak ýoly bilen

12 Sentýabr 2024
18

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahundyň gatnaşmagynda birnäçe infrastruktura desgalarynyň açylyşy hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.

Hususan-da, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi.

«Arkadag»