Muhammatkarim KURMANOW, Halkara maglumatlaşdyrma akademiýasynyň akademigi, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor:

12 Sentýabr 2024
26

— Özüm Astanada ýaşaýaryn. Maşgalamyz bolup, sport ýaryşynyň açylyşyna geldik. Men ýaşlykdan sportuň janköýeri. Häzir 83 ýaşymda bolsamda, halkara sport çäresine gatnaşmak höwesimiň egsilmänligi ýöne ýerden däl. Sport — güýç-kuwwat. Sportda ýaşaýşa söýgi, ýaşlyk bar. 40 ýyla golaý iş tejribämiň dowamynda sport aýratyn orny eýeledi. Ol meniň üçin ylym dünýäsine hem ylham boldy. Çarwadarlaryň oýunlary türki dünýä mahsus meşhur oýunlary özünde jemleýär.

Şu ýerde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragyny ýatlaman geçmek bolmaz. Bir wagtlar Moskwada aspiranturada okan ýyllarymda türkmen ýigitleri maňa Magtymguly barada köp zatlary aýdyp beripdiler. Soň ony özüm hem ürç edip öwrendim. Akyldar şahyryň döredijiligi çuňňur ylma ýugrulan. Men beýik akyldaryň döredijiligine uly hormat goýýaryn.