Yhlas bilen bir kämile gol beren

12 Sentýabr 2024
32

Ezeli zehinli, Hakdan içen şahyr «Turgul!» diýdiler» atly şygrynda beýan edişi ýaly, düýşünde, gaýypdan, erenlerden pata alýar. Magtymgulynyň gaýybana pata alandygyny başga-da, «Ýar bizim sary», «Boldum girýana», «Birniçe mysal», «Oýan» diýdiler», «Tasa garşy», «Mährap haýsy bilmedim» ýaly birnäçe şygyrlarynda görýäris. Bu şygyrlar, käbir edebiýatçylaryň «durmuşylaşdyrjak» bolmagyna garamazdan, tutuşlygyna ylmy aňlatmalardan we pikirlerden durýar.

Hawa, Magtymguly beýik akyldar şahyr derejesine çenli göterilip bildi. Munuň özüne ýetesi sebäbi bar. Magtymgulynyň Döwletmämmet Azady ýaly beýik halypasy, beýik mugallymy, beýik pederi bar. Onuň Magtymgulyny turuwbaşdan halkylyk ýoluna salandygyna şek-şübhe ýok. Biz Magtymguly Pyragynyň ussadynyň öz kakasy Döwletmämmet Azadydygyny şahyryň goşgularyndan bilýäris. Şahyryň «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýen setirleri Magtymguly Pyragynyň başlangyç bilimi kakasyndan alandygyny subut edýär. Şeýle hem «Oglum — Azadym» aýdyşygy ilkinji sapar Watandan uzaga gidýän Magtymgula Döwletmämmet Azadynyň ak pata bermesidir. Ol aşakdaky setirlerden hem görünýär.

Kuwwat JUMALYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.