Garaşsyzlyk bagty

11 Sentýabr 2024
62

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, gazanylýan uly zähmet üstünlikleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny has-da pugtalandyrýar. Şu günler mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygyna zähmet üstünlikleri bilen barmak üçin yhlasly zähmet çekýär.

Garaşsyzlyk — bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewüligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen ajaýyp Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär, Garaşsyzlygyň peşgeş eden bagtyna çäksiz buýsanç duýgusy bilen ýaşaýar. Mähriban halkymyz bu mukaddes baýramçylygy has-da şowhunly, dabaraly belläp geçmek üçin ykjam taýýarlanýar. Çünki türkmen döwletiniň beýik we nurana baýramy — mukaddes Garaşsyzlyk güni kämillige tarap ösýän we özgerýän jemgyýetimiziň gymmatlygydyr, ildeşlerimize ruhubelentlik, çäksiz güýç berýän buýsançly toýumyzdyr.

Serdar DURDYALYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.