Göwünlerde we giňişliklerde ykrar

11 Sentýabr 2024
44

Koreýa Respublikasy diýlende, ilki bilen ýadymyza düşýän aýratynlyklaryň gysgaça sanawyny düzeliň! Meşhur tehnologiýa brendleri, dünýä belli ulaglar, binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalary we beýlekiler. Hususan-da, ýurduň tas ähli şäherlerinde diýen ýaly bulutlary boýlaýan binalara baý bolan toplumlar dünýä syýahatçylaryny bu döwlete has köp çekýär. Şundan ugur alsaň, koreý halky beýleki döwletleriň binagärlik we şähergurluşyk aýratynlyklaryna haýran galmajak ýaly. Ýöne täsin binagärlik çözgütleri bilen şeýle derejede ösen döwlet ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheri üç sany uly baýraga mynasyp gördi. Munuň özi baş taslamasy Gahryman Arkadagymyza degişli bolan şäheriň dürli aýratynlyklary boýunça dünýäde seýrek gabat gelýän şäherleriň biridigini ýene bir ýola tassyklaýar.

Merkezi metbugat sahypalarynda hem habar berlişi ýaly, bu baýraklar Arkadag şäherine dostlukly döwletde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergisiniň çäklerinde gowşuryldy. Bu ýerde dünýä jemgyýetçiligi Merkezi Aziýadaky ilkinji «akylly» şäheriň mümkinçilikleri bilen gaýybana tanyş boldular.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.