Täze belentliklere tarap

11 Sentýabr 2024
39

Ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen ynanyşmak, özara bähbitlere esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň düýp özenini düzýär. Şeýle gatnaşyklaryň netijesinde Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň abadan ýaşamagyny üpjün etmek ýaly tutuş adamzat ähmiýetli meseleleri üstünlikli çözmäge-de berk esaslar peýda bolýar.

Muňa öňňin paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň hem-de ugurdaş sergileriň ýokary üstünlige beslenmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Orazguly ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.