Sport diplomatiýasynyň dabaralanmagy

11 Sentýabr 2024
27

Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä we sebit möçberinde halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika, Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň, hokkeý boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzyň sport döwleti hökmünde ornuny berkidýändigini görkezýär.

Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň üçinem ýurdumyz sporty ösdürmäge aýratyn üns berýär we halkara sport çärelerini guramaga işjeň gatnaşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar» diýen parasatly sözleri bu gün alnyp barylýan işleriň durmuşda öz hakyky manysyna eýe bolýandygynyň kepiline öwrülýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Bu sport babatynda hem şeýledir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň  Baş Assambleýasynyň sport babatda kabul eden Kararnamalary ýurdumyzyň bu ugurda geçirýän işleriniň netijeli häsiýete eýedigini ýene bir ýola anyk subut edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalary döwletimiziň ynsanperwer başlangyçlarynyň umumadamzadyň bähbitlerine hyzmat edýändiginiň güwäsidir. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzda geçirilen mejlisiniň Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi bolsa, döwlet syýasatynda sporty ösdürmekligi öň hatarda goýýan berkarar ýurdumyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygyny subut edýär.

«Balkan».