Halkyň bagtyýarlygy — özgertmeleriň baş maksady

11 Sentýabr 2024
53

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen, milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, onuň anyk wezipeleri kesgitlenýär, önümçilikde we durmuş ulgamynda meýilleşdirilýän sepgitler anyklanýar. Düýn paýtagtymyzda öz işine başlan Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öňüsyrasynda neşir edilen «Türkmenistanyň maýa goýum ýolgörkezijisi» atly kitapda hem ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalar dogrusynda maglumatlar beýan edilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan döwrebap tehnikalaryň hem-de iň täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna, innowasiýa häsiýetli önümçilik düzümleriniň kemala getirilmegine, ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda ösen bazar düzümleri bolan, döwletimiziň ykdysady hem-de syýasy garaşsyzlygyny kepillendirýän ýokary netijeli, durmuş ugurly ykdysadyýetiň döredilmegine tarap alnan ugur dowam etdirilýär. Bu maksatlara ýetmek üçin, Türkmenistan ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümlerini gaýtadan gurmaga we halkara söwdasyna işjeň gatnaşmaga gönükdirilen anyk çäreleri görýär.

«TÜRKMENISTAN»