Halk Maslahaty — demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk

10 Sentýabr 2024
43

Gadymy halkymyzda il-ulsuň bilen geňeşmek, arkalaşmak, adalatly hem edenli baştutanyň daşyna jem bolup, beýik tutumlara başlamak, agzybirlik bilen Watanyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak asylly däpleriň biri. Umumy bähbitli işlerde köpçülige sala salynmagyny, halkyň oňlan maslahatyna eýerilmegini we bir agza bakylmagyny ündeýän öwütler, dana akyldarlaryň pähim-parasat gorunda näçe diýseň bar. «Halkda Hakyň ady bar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok, geňeşsiz ýerde – deňlik» diýen ýaly, ençeme çuňňur mazmunly, wagyz-nesihatly we terbiýeçilik ähmiýetli atalar sözleri asyrlar içre özüniň ähmiýetini hem täsirini ýitirmän gelýär.

Manyly ömrüni ynsanlarda ýokary adamkärçilik duýgusyny ösdürmäge bagyşlan Magtymguly Pyragy «Türkmeniň» goşgusyna siňdiren: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň», «Ýykmaýan ärden» goşgusynda: «Agyr döwletler aýrylar, Bir agza bakmaýan ärden» diýen setirleri ýer-ýurt eýeleri — beg, töre, aksakallara sala salnyp, il-halk bilen jebisleşip berjaý edilýän amallaryň ýerine düşýändigini, şowlulyga ýetirýändigini, at-abraýyny artdyrýandygyny tekrarlapdyr. Bularyň ählisi, taryhyň alyslara uzaýan menzillerinde rahatlykda hem agzybirlikde ýaşan halkymyzyň öz-özüňi dolandyrmakda saýlawlylyk, erkinlik, köpe geňeşmekde açyklyk, aýanlyk, jemagat gatnaşyklarynda deňlik, adalatlylyk ýaly milli ýörelgeleri döredendigine we oňa berk daýanandygyna şaýatlyk edýär.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.