Wagyz-nesihat edildi

9 Sentýabr 2024
49

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şanly ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi tarapyndan etrabymyzyň edara-kärhanalarynda dürli mazmunli çäreler geçirilýär. «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginde «Maşgalam — baş galam» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem şeýle çäreleriň biri boldy. Agzalan müdirlikde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşygyň esasy maksady milli däp-dessurlarymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi, maşgala mukaddesligini wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleriniň çykyşlarynda maşgala mukaddesligi, ýaşlary bezeýän häsiýetler, salyhatlylyk, halallyk, dogruçyllyk, maşgala ojagyna wepadarlyk bilen bagly täsirli gürrüň edildi. Onuň barşynda ýaşlara gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Gurbanmurat GELDIMURADOW,
Sarahs etrabyndaky «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.