Sobolenko «US Openiň» çempiony

8 Sentýabr 2024
13

Dünýäniň ikinji raketkasy Arina Sobolenko (Belarus Respublikasy) «US Open» uly tuwulgasynda ýeňiş gazandy. Häzirki wagtda WTA reýtinginde ikinji orunda barýan Arina ýaryşyň finalynda dünýäniň altynjy raketkasy amerikaly Jessika Pegulany ýeňlişe sezewar etdi. 1 sagat 54 minut dowam eden oýun 7:5, 7:5 hasabynda Arina Sobolenkonyň peýdasyna tamamlandy.  Şeýlelikde, Arina Sobolenko bu möwsümde ikinji gezek «uly tuwulga» ýaryşynyň çempiony boldy. Mundan ozal, ol şu ýylyň ýanwar aýynda «Austrailan Open» «uly tuwulgasynda» hem çempion bolmagyň hötdesinden gelipdi. 26 ýaşly tennisçi «US Opendäki» çempionlyk üçin 2 müň reýting utugyny hem-de 3 million 600 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragyny gazandy.

Taýýarlan: Aýjeren JUAMÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.